Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kriştianu Ronaldu UEFA-nyň ýörite baýragyna mynasyp boldy

10:1930.08.2024
0
10364

Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) prezidenti Aleksandr Çeferin, "Altyn Topuň" bäş gezek ýeňijisi Kriştiano Ronaldony Çempionlar ligasyndaky ajaýyp üstünlikleri sebäpli ýörite baýrak bilen sylaglady.

Bu baýrak 39 ýaşly Portugaliýaly ýyldyza Monakoda geçirilen 2024/25 möwsümi üçin Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynyň bije çekilişik dabarasynda gowşuryldy.

«Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Real Madrid» we «Ýuwentus» toparlaryň öňki hüjümçisi Çempionlar ligasynda 183 oýunda 140 pökgüsini tora girizdi. Ol Çempionlar ligasynyň taryhynda iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda öňdebaryjy Lionel Messiden 11 pökgi öňde barýar. Şeýle hem, Ronaldo Çempionlar Ligasynyň ýedi möwsüminde iň köp pökgi geçirmek baýragyny gazanan ýeke-täk futbolçydyr. Kiçiräk bellik, Kriştiano häzirki wagtda Saud Arabystanyň «Al-Nasr» toparynda oýnap, topary bilen Aziýanyň Çempionlar ligasyna gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň