Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna baryp, saparynyň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşykda Gahryman Arkadag türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülik çäreleriniň guralandygy üçin eýran tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri öz adyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Bu barada TDH ýazýar.
Gepleşikler we resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňky söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri: "Iki halky asyrlardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Ýurtlarymyzda taryhyň dowamynda ençeme şahsyýetler ýaşap geçdi. Şolaryň hatarynda has bize ýakyn bolany Magtymguly Pyragydyr. Bilşiňiz ýaly, şu ýyl onuň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi bellenilýär" diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanda geçiriljek toý-baýramlara ýene-de bir gezek çagyrýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenmek bilen, çykyşyny “Goý, türkmen-eýran dostlugy baky bolsun!” diýen sözler bilen jemledi.