Top.Mail.Ru

Eýranyň Prezidenti Pezeşkiýan ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrar

09:1729.08.2024
0
5400
Eýranyň Prezidenti Pezeşkiýan ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrar
Surat: tass.ru

Eýranyň täze Prezidenti Masud Pezeşkiýan wezipesine girişeninden soňra ilkinji daşary ýurt saparyny Yraga amala aşyrar. Bu barada ýurduň Bagdatdaky ilçisi Mohammad Kazem Al-Sadeg IRNA habarlar gullugynyň habarçysy bilen söhbetdeşliginde aýtdy diýip, TASS ýazýar.

Ilçiniň aýtmagyna görä, Pezeşkiýan Bagdada sentýabryň ortalarynda Yragyň Premýer-ministri Muhammed as-Sudaniniň resmi çakylygy boýunça barar. Saparyň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Olar boýunça öňki Prezident Ebrahim Raisiniň döwründe ylalaşyldy. Eýranyň ilçisi şeýle-de Pezeşkiýanyň saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine we çuňlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň