Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň ykdysadyýet we söwda ministri bilen duşuşdy

08:2929.08.2024
0
7584

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew bilen geçirilen duşuşygynda söwda, ykdysady we ulag ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, türkmen diplomaty iki ýurduň arasyndaky halkara ýük ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini, Hytaýdan Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň üsti bilen, soňra bolsa Hazar deňzine girmek üçin Türkmenistana ulag geçelgesini açmagyň möhümdigini aýtdy. Bu barada tazabek.kg ministrlige salgylanyp habar berdi.

N.Gölliýew özara söwda mukdaryndaky ösüşiň oňyn dinamikasyna, şeýle hem energiýa we oba hojalygynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine ünsi çekdi.

Çeşmäniň habaryna görä, taraplar Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy baradaky 6-njy mejlisinde gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň