Top.Mail.Ru

«Kitaby dädem Gorkut» eposynyň jemgyýetçilige mälim bolmadyk Berlin nusgasynyň üsti açyldy

13:4920.11.2024
0
8936
«Kitaby dädem Gorkut» eposynyň jemgyýetçilige mälim bolmadyk Berlin nusgasynyň üsti açyldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary 2024-nji ýylda Germaniýa Federatiw Respublikasyna guralan ylmy saparyň dowamynda Berlin döwlet kitaphanasynda iş alyp bardylar.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, alymlar saparyň dowamynda dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna giren, gadymy oguz türkmenleriniň irki jemgyýetçilik-syýasy gurluşy, ynanç-ygtykatlary, däp-dessurlary, ruhy ahwallary çeper beýanyny tapan «Kitaby dädem Gorkut» eposynyň entek dünýä ylmy jemgyýetçiligine mälim bolmadyk Berlin nusgasynyň üsti açyldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin döwlet kitaphanasynda «Diez A fol. 61» belgili bukjada saklanýan bu nusga 75 sahypadan ybarat bolup, her sahypasy 32 setirden ybarat «nestalyk» ýazuw görnüşinde ýazylypdyr.

Öň ylmy jemgyýetçilige bu eposyň Drezden, Watikan, Türkmensähra we halkyň dilinden ýazylyp alnan Türkmenistan nusgalary bellidi diýlip, degişli makalada getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň