Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynda şu ýylyň on aýynda 12 million 840 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, meýilnama 181 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş ýuwujy serişdeleriň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenilendir.
2024-nji ýylyň degişli döwründe taýýar önümleriň 6 million 250 müň manatlygyny ýerleşdirmek boýunça on aýlyk tabşyrygyň iki essä golaý artygy bilen ýerine ýetirilendigini hem aýratyn nygtamak gerek. Has takygy, bu görkeziji 12,4 million manatlyga barabar bolup, hasabat döwrüniň meýilnamasy 198 göterim ýerine ýetirildi.
Kärhanada öndürilýän önümleriň agramly bölegi Ukraina, Belarusa, Azerbaýjana, Täjigistana, Owganystana, Özbegistana we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň birnäçesine eksport edilýär diýlip, habarda bellenilýär.