Top.Mail.Ru

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri Hindistanda duşuşarlar

11:1828.08.2024
0
5909
Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri Hindistanda duşuşarlar
Surat: daryo.uz

Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Hindistanda 28-29-njy awgustda geçjek maslahatda duşuşarlar. Bu barada «The Economic Times» neşirine salgylanýan «Daryo.uz» ýazýar.

Öňde duran duşuşygyň terrorçylyga garşy göreşmekde täsirli guraly döretmäge we Demirgazyk-Günorta geçelgesine (INSTC) hem-de Eýranyň Çabahar deňiz portuna aýratyn ähmiýet bermek bilen, Ýewraziýada aragatnaşygyň inklýuziw geçelgelerini döretmäge bagyşlanar.

Gazagystan, Türkmenistan we Özbegistan eýýäm Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň mümkinçilikleri işjeň ulanýarlar, olar Çabahar portunyň üsti bilen Hindistana haryt ugradýarlar. Hindistan şunda has möhüm gazylyp alynýan baýlyklary goşmak bilen, tebigy gorlaryň satyn alynýan möçberlerini artdyrmak isleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň