Top.Mail.Ru

Türkmenistan we Gazagystan iki ýurduň arasynda ýük daşamak üçin rugsatnama bermek talaplaryny ýatyrar

13:4926.08.2024
0
9177

Türkmenistan we Gazagystan iki ýurduň arasynda ýük daşamak üçin rugsatnama bermek talaplaryny ýatyrmaga taýýar.

«Kazinform»-yň Açyk Kadalaşdyrjy hukuk namalarynyň gazak saýtynda neşir edilen resminamasyna esaslanyp berýän habaryna görä, döwletleriň arasynda awtoulag serişdeleri arkaly ýük daşalyşlary we olaryň çäginde üstaşyr geçirilişi rugsatnamasyz amala aşyryljakdygy bellenilýär. Häzirki wagtda üýtgetmeler açyk garama tapgyrynda bolup, ol 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda tamamlanar.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň Hökümetleri «döwletleriň arasynda awtoulag aragatnaşygyny amala aşyrylmagyny ýeňilleşdirmek üçin oňaýly şertlerini üpjün etmek maksady bilen» bu üýtgetmeler bilen ylalaşdylar. Onuň güýje girmegi üçin Teswirnamanyň kabul edilmeginden soň 30 gün gerek bolar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 9-njy awgustda Tükmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Batyr Atdaýew we Baýmyrat Annamämmedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen-gazak söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri, şeýle-de energetika pudagynda hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşyldy.

Iki ýurt hem özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy kem-kemden giňeldýär. Şeýlelik bilen, 5 ýylyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 4 esse, diňe geçen ýylda 28 göterim ösdi. Şu ýylyň 6 aýyndaky söwda dolanyşygy 237,2 million dollara deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň