"Neýtralnyý Türkmenistan" gazetiniň habar berşi ýaly, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň 48 ýyllyk çäresi jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen geçirildi. Gysga maslahatyň dowamynda goraghananyň esasy iş ugurlary görkezildi, şol sanda Germab bölüminiň Bahça meýdanynda ýakynda döredilen täze tokaý hojalyk synag meýdançasy barada maglumat berildi.
Guramaçylar tarapyndan goraghananyň 17 sany iň gowy işgärine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Iň gowy işgärleriň arasynda Gäwers bölüminiň başlygy Halmyrat Döwletmyradow aýratyn bellenildi. Bu bölümde haýwanhana düşen haýwanlar üçin iým ösdürilýär we gyşda ýabany tebigatda ýaşaýan toýnakly we guşlar üçin iýmler bilen üpjün edilýär . Bölümiň işgärleriniň on gektar ekin meýdany bar, ol ýerde bedeler, däneler, şol sanda arpa ösdürilip ýetişdirilýär.
Goraghananyň gözegçilik düzümi, aýratyn-da ekopatrullary amala aşyrýan operatiw topara girýän gorag bölüminiň ýolbaşçy gözegçileri Döwrangeldi Tahyrow we Öreberdi Nepesow hem dagy bellenip geçildi. Olaryň işi goralýan zolakda adamyň tebigatyň işlerine gatyşmazlygyny üpjün etmekden, ýagny brakonýerligiň we beýleki bikanun işleriň öňüni almakdan ybarat.
Olar tebigy baýlyklary gorap saklamak maksady bilen tomus möwsüminde diňe gorag meýdançasyna däl-de, eýsem tebigy, şol sanda suw desgalaryna, ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerine, goýun sürüleriniň otlaýan ýerlerine hem gözegçilik edilýändigini aýtdylar. Bu ýerlerde düşündiriş söhbetdeşlikleri geçirilýär, tebigata zyýan ýetirmezden dynç almagyň howpsuz usullary barada maslahatlar berilýär, ýangyna garşy we ekologik howpsuzlyk düzgünleri düşündirilýär. Aýratyn-da ýaşlara üns berilýär, olarda tebigatda özüňi alyp barmak medeniýeti terbiýelenýär diýip, çeşme belleýär.