Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

14:5423.08.2024
0
8812
Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki  taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar
Surat: newscentralasia.net

21-nji awgustda Türkmenistanyň we Owganystanyň resmi wekiliýetleri iki ýurduň araçäginde, ýagny Hyratyň Turgundy sebitinde duşuşyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň başlamagyna taýýarlyk derejesini ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar täze demir ýoluň gurluşygy we elektrik geçiriji taslamalary barada hem pikir alyşdylar.

Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli owgan wekiliýetine magdan, nebit, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ýaly möhüm pudaklaryň ministrleri girdi. Muttaki türkmen kärdeşi Raşid Meredowy owgan hökümetiniň TOPH turbageçirijisini dowam etdirmek üçin taýýarlyk işlerini tamamlandygyny we amaly işe başlamaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda demir ýol şahasynyň we demir ýol menziliniň gurluşygyny çaltlaşdyrmak meselesinde türkmen tarapynyň taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem möhüm elektrik geçiriji taslamasy bolan Hyrat welaýatyndaky «Nur-Jihad» kiçi elektriki bekediniň gurluşygynyň ýakyn wagtda tamamlanjakdygy bellenildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, geçen aý Türkmenistanyň we Owganystanyň demir ýollar boýunça gulluklarynyň ýolbaşçylary hem Kabulda bilelikdäki taslamalar barada gepleşikler geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň