Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

16-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:4816.08.2024
0
11116

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna taýýarlyk görýär, Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi, «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi 19-njy awgustda öz işine başlar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Bu sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanan ýurt parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär. Esasy teklipleriň hatarynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň ählumumy araçylarynyň ýöriteleşdirilen taýýarlyk we iş maksatnamasyny döretmek we Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy çarçuwaly maksatnamany işläp düzmek başlangyçlary bar.

2. Şu günler Wengriýada geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri köp sanly tomaşaçynyň ünsüni özüne çekdi. Ýurduň iň gowy döredijilik toparlary, meşhur ansambllary, tanymal aýdymçylary wenger topragyna türkmen medeniýetiniň we sungatynyň köpöwüşginli eserlerini getirip, tomaşaçylara we diňleýjilere ussatlyklaryny, zehini we özboluşlylyklaryny görkezdiler. Türkmen wekiliýeti Bugaçda ýerleşýän Baç-Kişkun sebitinde geçirilen Kurultaý festiwalyna-da gatnaşdy. Bu ýyl festiwal Beýik Ýüpek ýolunyň kerwensaraýlaryny ýada salýan uly derweze bilen bezeldi. Festiwalyň gatnaşyjylary we myhmanlary üçin türkmen halkynyň haly dokamak we agaç oýmak sungaty boýunça ussatlyk sapaklary guraldy.

3. 19-njy awgustda Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy açylar. «Kids Expo» Türkmenistanyň paýtagtynda ilkinji gezek guralýar we çagalar harytlary hem-de hyzmatlary pudagynda möhüm waka öwrüljekdigini wada berýär. Sergi-ýarmarkasy «Garagum» myhmanhanasynyň arkasyndaky sergi meýdançasynda geçiriler.

4. Türkmenistanda iňlis dili mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar başlandy. Türkmenistanyň dürli künjeklerinden mugallymlaryň 100-si okuw meýilnamalaryny düzmek, materiallar we TESOL usulyýeti boýunça hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlara gatnaşýar. Bäş günlük okuw ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guraldy. Okuwlar iňlis dili hünärmeni Nensi Ekklziň ýolbaşçylygynda geçirilýär.

5. Türkmenistanda halkara daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň sürüjilerini we operatorlaryny taýýarlamak üçin okuw merkezini açmak meýilleşdirilýär. Merkez Halkara awtomobil ulaglary bileleşigi tarapyndan akkreditasiýa ediler. Sürüjileriň we ulag operatorlarynyň hünär taýýarlygy Merkezde halkara standartlaryna laýyklykda, hususan-da, Ýewropa ýurtlaryna daşamalary amala aşyrmak üçin geçiriler.

6. Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde gadymy Änew medeniýetine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Bu çäre Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilnegi mynasybetli guraldy. Orta asyr binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin metjidi ara alyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri boldy. Çärä gatnaşyjylar metjidiň girelgesiniň ussatlyk bilen ýerine ýetirilen ajaýyp mozaika bezeginiň Änewiň binagärlik sungatynyň ösendigine şaýatlyk edýändigini bellediler.

Dünýäde

7. Täjigistan ýakyn geljekde elektromobilleri öndürip başlar. Meýilnama laýyklykda, önümçilik hytaý kompaniýalary bilen bilelikdäki kärhananyň çäginde dörediler. Hyzmatdaşlaryň anyk atlary heniz mälim edilmese-de, Täjigistanyň bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bilen hyzmatdaşlyga ymtylýandygy aýdyňdyr. Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohim ýurduň elektrik ulaglaryny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini aýtdy.

8. Hytaýyň maliýe guramalary pes uglerodly ykdysadyýete geçmegi höweslendirmek üçin innowasion gurallary işjeň ornaşdyrýarlar. Şeýle gurallaryň biri banklaryň müşderilerine ekologiýa taýdan jogapkärçilikli hereketler üçin utuk ýygnamaga hem-de olary harytlar we hyzmatlar üçin töleg hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýän şahsy «uglerod hasaplarydyr». Pes uglerodly durmuşyň dürli taraplaryny göz öňünde tutýan «ýaşyl utuklary» gazanmagyň jemi on üç dürli usuly tapawutlandyrylýar. Şu güne çenli 15 milliondan gowrak adam şahsy uglerod hasaplaryny açdylar we bu başlangyjyň netijesinde uglerod zyňyndylarynyň mukdary 90 müň tonnadan gowrak azaldy.

Sport habarlary

9. Kuala-Lumpurda geçirilen AFK-2 Çempionlar ligasynyň bije çekişliginiň netijelerine görä, Saud Arabystanynyň «Al-Taawun» topary, Yragyň «Eýr Fors» topary we Bahreýnden «Al-Haldiýa» Türkmenistanyň «Altyn asyr» toparynyň garşydaşlary bolar. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlary 16-njy sentýabrdan 4-nji dekabr aralygynda geçiriler. Ähli toparlar öz meýdançalarynda we myhmançylykda üç oýun oýnarlar. Her toparçadan iki topar 1/8 finala çykar.

10. Şu gün Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda Ýokary ligasynyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 2024-nji möwsüminiň üçünji aýlawy başlanýar. 19-njy tapgyr «Ahal» – «Aşgabat» duşuşygy bilen açylar. Oýun 17:30-da başlar. 17-nji awgustda ýene iki duşuşyk geçiriler: Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda «Arkadag» «Şagadamy» kabul eder, «Nebitçi» bolsa Balkanabadyň Sport toplumynda «Köpetdag» bilen oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň