Top.Mail.Ru

Ösen ýurtlarda fastfuda isleg azalýar

19:4515.08.2024
0
6970
Ösen ýurtlarda fastfuda isleg azalýar
Surat: Gazeta.ru

Tiz garbanyşhanalaryň iri zynjyrlary satuwlaryň azalmagy hem-de müşderileriň kemelmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular diýip, «Gazeta.ru» habar berdi. Mysal üçin, şu ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-daky «McDonald's» zynjyrynyň satuwlary 2023-nji ýylyň degişli döwründäkiden 0,7 göterim kemeldi. Umumy dünýä satuwlary bolsa 1 göterim pese gaçdy.

«Burger King», «Wendy's» we beýleki meşhur zynjyrlar hem müşderileriň azalýandygyny belleýärler. «KFC» we «Pizza Hut» zynjyrlarynyň eýesi bolan «Yum! Brands» kompaniýasynyň paýnamalary 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 4 göterim arzanlady.

Bilermenler günbatar fastfudynyň kynçylyklaryny önümleriň gymmatlamagy, iýmitiň hiline talabyň ýokarlanmagy hem-de sagdyn durmuşa ünsüň ýokarlanmagy bilen baglaýarlar.

«Tizbähim naharlaryň geljegi ösýän ýurtlarda» diýip, Russiýanyň Maliýe uniwersitetiniň durmuş-ykdysady ylmy-barlaglar institutynyň direktory Alekseý Zubes gürrüň berýär.

Şol bir wagtda Russiýada fastfudyň bazarynyň her ýyl 20 göterim ösüş görkezýändigi habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň