Top.Mail.Ru

15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:3315.08.2024
0
10924

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada welosipedli gezelenç etdi, Ankarada Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi, «Altyn asyr» AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow irden Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Gezelenjiň dowamynda döwlet Baştutany ýakymly howadan lezzet aldy we syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady.

2. Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Raşid Meredow, türk wekiliýetine bolsa Hakan Fidan ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek we şertnama-hukuk binýadyny berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

3. Türkmen halysynyň muzeýiniň gaznalarynda milli halyçylyk sungatynyň gymmatly nusgalary saklanýar. Ululygy ýa-da dokalyş usuly bilen tapawutlanýan halylar aýratyn gyzyklanma döredýär. Mysal üçin, «Türkmen kalby» halysy geçen asyryň 40-njy ýyllarynda Moskwada türkmen sungatynyň sergisi üçin taýýarlanypdyr. Bu haly adaty ahalteke göli bilen bezelipdir. Onuň ady tötänleýin saýlanan däldir, bu «Suw – türkmeniň durmuşy, at – türkmeniň ganaty, haly bolsa türkmeniň kalby» diýen jümleden gelip çykýar. Ony dokamak boýunça işler Beýik Watançylyk urşy başlamazyndan bir hepde öň başlanypdyr. Elbetde, sergi hiç haçan geçirilmedi, ýöne haly 1942-nji ýylyň 13-nji fewralynda dokalyp tamamlandy. Şol döwürde ol dünýädäki iň uly haly hasaplanýardy.

4. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary 31-nji awgustda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda täze möwsümiň açylyşyna çagyrylýar. Teatrda «Turkmenportal-a» habar berişleri ýaly, şol gün «Türkmeniň bagty» pýesasy görkeziler.

5. Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary öz okuwlarynyň töleglerini e.gov.tm döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn töläp bilerler. Bu hyzmat «Onlaýn hyzmatlar» / «Bilim ulgamy» / «Talyplar tölegi» bölüminde elýeterli bolup, «Altyn Asyr» bank karty ulgamynyň plastik kartlary bilen töleg geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu hyzmaty ulanmak üçin talyplar öz okuw jaýynyň buhgalteriýasyndan alan maglumatlary ulanyp, portalda şahsy hasabyna girmeli. Töleg baradaky maglumatlary dolduryp we bank kartynyň maglumatlaryny girizenden soň, töleg amala aşyrylar.

6. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Abdyleziz Sarýew ÝUNESKO-nyň üçünji halkara «Bilimde emeli aňy ulanmagyň etikasy» taslamasynda «iň gowy pikir we çemeleşme» ugrundan ýeňiji boldy. Çäräniň jemleýji tapgyry 12 – 14-nji awgust aralygynda Almaty şäherinde geçirildi. Almatyda geçirilen ÝUNESKO-nyň üçünji halkara taslamasyna gatnaşyjylar öz ýurtlarynda emeli aň pudagyndaky işlerini hödürlediler we emeli aň pudagynda häzirki temalary durmuşa geçirmek üçin tekliplerini berdiler.

Dünýäde

7. Garawul bolup işleýän malaýziýaly özüne garşy talaňçylyk edilendigi barada şikaýat bilen polisiýa ýüz tutdy. Şeýle-de bolsa, gysga wagtyň içinde hekaýanyň toslama bolandygy belli boldy. Adamyň ilkibaşda aýtmagyna görä, bankomatyň golaýynda oňa hüjüm edilipdir, pyçak bilen haýbat atylyp, ähli nagt pullary talanypdyr. Polisiýa derňew işine başlady, ýöne şikaýatçy tiz wagtdan ýalan sözländigini boýun aldy. Hereketiniň asyl sebäbi örän biderek boldy: garawul ähli aýlygyny sowupdyr we muny aýalynyň ýanynda boýun almaga gorkupdyr. Aýaly bilen dogruçyl gürleşmegiň ýerine, ol talaňçylyk barada ýalan sözlemegi ýüregine düwüpdir. Indi ol ýalany üçin agyr netijelere duçar bolýar. Aýalyna gutulgysyz düşündirişden başga-da, ol ýalan görkezme berenligi üçin kanunyň öňünde jogap bermeli bolar.

8. Türkiýe ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň göreldesine eýerip, ýurda girilende daşary ýurtlularyň hökmany barmak yzlaryny almak düzgünini girizmegi meýilleşdirýär. Bu çäre bikanun migrasiýa we adam kontrabandasyna garşy göreş strategiýasynyň bir bölegine öwrüler. Mundan başga-da, Türkiýede wagtlaýyn gaçybatalga alan daşary ýurtlular üçin şahsyýetnamalara çipleri ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ýurduň daşary ýurtly ilatynyň ep-esli bölegini emele getirýän Siriýanyň raýatlaryna aýratyn üns berler.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň «Altyn asyr» topary Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny myhmançylykda 2024/25-nji ýylyň AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşygynda ýeňip, bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyryna çykdy. Şu gün Kalkuttada geçirilen duşuşyk Ýazguly Hojageldyýewiň şägirtleriniň 3:2 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Myrat Annaýew, Selim Nurmyradow we Mihail Titow gol geçirdiler. Aşgabadyň klubynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky bäsdeşleri 16-njy awgustda Kuala-Lumpurda geçiriljek bije çekişligiň netijesinde kesgitlener, «Altyn asyr» bije çekilişikde dördünji sebede düşer.

10. Madridiň «Realynyň» futbolçylary Warşawada geçirilen UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda Italiýanyň «Atalantasyny» 2:0 hasabynda ýeňdiler. Ýeňijileriň düzüminde Federiko Walwerde we Kilian Mbappe gol geçirdiler. Mbappe üçin bu «Pari Sen Žermenden» erkin agent hökmünde geçenden soň «Realyň» düzümindäki ilkinji oýny boldy. Fransuz hüjümçisiniň Madridiň kluby bilen şertnamasy bäş ýyla niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň