Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

11:4809.08.2024
0
13074

Şu gün Astana iş sapary amala aşyrýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar. Bu barada TDH habar berdi.

«Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi. Häzirki zaman şertlerinde bu konsepsiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar we oňa uly isleg bildirilýär. Merkezi Aziýa sebitiniň diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, ählumumy derejede alnyp barylýan işlerdäki barha artýan ornuny göz öňünde tutup, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak hem-de täze giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Soňky ýyllarda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitleýin hyzmatdaşlygyň barşy we gönükdirilen ugry barada bitewi garaýşyň döremeginde, häzirki döwrüň şertlerini hem-de uzak möhletleýin mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenmeginde şu formatyň netijelidigini görkezdi» diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň