Meşhur «Enrico Marinelli» erkek egin-eşikleriniň brendi moda muşdaklaryny garaşylmadyk täzelik bilen begendirýär: tomus möwsüminiň gyzgalaňly häzirki günlerinde dükanda uly göwrümli arzan satuw başlaýar. Munuň netijesinde bolsa alyjylara erkek eşikleriniň ähli görnüşinden tekjelerini 50% arzan bahadan täzelemäge ajaýyp mümkinçilik döreýär.
Bu aksiýa italýan nepisligi we ýokary hili bilen meşhur bolan «Enrico Marinelli» brendiniň önümlerini görlüp-eşidilmedik arzan bahalardan satyn almaga mümkinçilik berer. Bu ýerde satuwda geýim tekjäňizi üpjün etmek üçin tomusky ähli zerur harytlar — futbolkalar, köýnekler we başga-da köp sanly egin-eşikler bar.
Täze okuw ýylynyň başlamagyna taýýarlyk görýänler üçin brend dükany penjekleri we ak köýnekleri hem 50% arzanladyş bilen hödürleýär. Bu okuw möwsümine öňünden hem-de döwrebap stilde taýýarlyk görmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
«Enrico Marinelli» dükanynyň wekilleri häzirki wagtda köpleriň tomus möwsümi diýip dynç alýan mahaly şu hili amatly tekliplerden peýdalanmagyň wagtydygyny belleýärler. Şeýle-de bolsa, dükan bu aksiýa esasynda ýetirilýän harytlaryň çäklidigi sebäpli, arzanladylan önümleriniň tiz wagtda tamamlanyp biljekdigini ýatladýar.
Ajaýyp, stile kybap gelýän geýimleri amatly bahalardan satyn almak üçin «Enrico Marinelli» dükanyna şu salgy boýunça baryp bilersiňiz: 10 ýyl Abadançylyk köçesi (Moskowskiý), «Kia Motors» binasy.
Habarlaşmak üçin:
- telefon belgisi: (+993 71) 13 05 13;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.