Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sungata söýginiň adamyň psihikasyna oňyn täsir edýändigi belli boldy

14:3603.08.2024
0
11624
Sungata söýginiň adamyň psihikasyna oňyn täsir edýändigi belli boldy
Alem

ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndaky Keýs Western Rezerw uniwersitetiniň alymlary sungata söýgi bilen adamda durmuşa manyly garamak duýgusynyň arasynda gatnaşygyň bardygyny kesgitlediler. Ylmy barlaglaryň jemleri «The Journal of Positive Psychology (JPP)» ylmy žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Täze ylmy barlaglaryň barşynda iki seljerme geçirildi. Birinji barlaglara sungat ulgamynda dürli tejribesi we garaýşy bolan talyplaryň 100 sanysy gatnaşdyryldy, olaryň sungata gyzyklanmasy hem-de dürli eserler bilen özara gatnaşykda başdan geçirýän duýgulary barada onlaýn tertipde gyzyklandylar. Soňra bu barlaglary has giňeldilen düzümde – 1862 adamyň gatnaşmagynda gaýtadan geçirdiler.

Alnan netijeler sungat eserlerinden alynýan estetiki duýgularyň durmuşa manyly garamaga, netijede, adamyň özüni alyp barşyna has oňyn täsir edýändigini görkezdi diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň