Top.Mail.Ru

3-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:1903.08.2024
0
10228

Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna çuňňur hoşallyk bildirdi, Daşkent şäherinde türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy, 7-nji awgustda Türkmenistanyň Wengriýadaky Medeniýet günleri başlanýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik we Halkara matematika olimpiadasynyň ýeňijileri bolan russiýaly mekdep okuwçylarynyň dynç almaklaryna döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Ozal urbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çakylygy boýunça Moskwadan we Kazandan sekiz sany ýaş matematigiň Hazar deňziniň kenarynda 10 gün dynç geçirjekdigi habar berlipdi. Mekdep okuwçylary Awazadaky «Daýanç» sagaldyş-dikeldiş merkezinde dynç alarlar.

2. Özbegistanyň paýtagtynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Çäre Dostluk hepdeliginiň çäklerinde geçirildi. Çärä gatnaşyjylarMagtymguly Pyragynyň goşgularynyň bütin dünýäde meşhurlygynyň artýandygyny we köp dillere terjime edilendigini belläp geçdiler. Şahyryň döredijiliginiň köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.

3. 7-nji awgustda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlaýar. Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin türkmen sungat ussatlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý işgärleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik topary Budapešte ugradylar. Medeniýet günleriniň maksatnamasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklaryň çuňlugyndan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň tanyşdyrylyşy, türkmen kinolarynyň görkezilişi, däp bolan türkmen hünärleriniň ussatlyk sapaklary gurnamak göz öňünde tutulýar.

4. «48 sagatda surata düşürmek» atly Merkezi Aziýa bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Türkmenistanyň awtorlarynyň alty kino işleri giripdir. Finalçylaryň arasynda türkmen režissýory Myratgeldi Mollaýewiň «Arzuw» atly eseri hem bar. «Öwrenişmek» atly gysga metražly filmini çykaran Türkmenistandan OM topary «Iň gowy horror/triller» ugry boýunça ýeňiji boldy. «48 sagatda surata düşürmek» atly bäsleşigi her ýyl Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan höwesjeň kinematografiýaçylary bir ýere jemleýär. Bu ýyl gatnaşyjylara işlerine «Biz geldik» jümlesini, gök reňkli lybasly gyzyň keşbini we «Öý» mowzugyny goşmak tabşyryldy. Şol bir wagtyň özünde, žanr we ssenariýa döredijileriň islegine görä galdy.

5. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Manila şäherine sapar amala aşyrdy. Bu ýerde filippin tarapy bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň netijesinde «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi.

Dünýäde

1. Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň garry işgäri hökmünde ykrar edilen Walter Ortmann 103 ýaşynda Braziliýada aradan çykdy. Ortmanyň 86 ýyl işlän «RenoWýu» dokma fabrigi bu gynandyryjy habary tassyklady. Ortmann zähmet ýoluna 1938-nji ýylda, bary-ýogy 15 ýaşyndaka başlapdy. Direktor tarapyndan Germaniýadan getirilen kalkulýator bilen ilkinji iş tejribesini ýakymly duýgular bilen ýatlaýardy, ol ilkibaşda täze tehnologiýa ynanmandygyny we ähli hasaplamalary el bilen barlandygyny aýdýardy.

2. Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Arman Şakkaliýew ýurdy öňki sagat guşaklygyna dolandyrmaga çagyrýan «Wagty yzyna dolamak» haýyşyny Hökümetiň ret edendigini habar berdi. Ministriň bellemegine görä, bu karar iş topary tarapyndan berlen ylmy barlaglar we teklipler üns bilen öwrenilenden soň kabul edildi. Ol UTC+5 sagat guşaklygynyň Gazagystanyň çäginiň köp bölegi üçin standartdygyny we has amatlydygyny belläp geçdi. Ministrlik wagt üýtgemeleriniň ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini görkezýän ynandyryjy subutnamalary tapmady.

Sport habarlary

1. Türkmen ýeňil atletikaçysy Walentina Meredowa 2024-nji ýylyň Pariž Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşyny tamamlady we 100 metre ylgamakda özüniň möwsümdäki iň gowy netijesini görkezdi. 39 ýaşly türgen bäsleşigiň birinji tapgyrynda aralygy 11,95 sekuntda geçdi, emma bu netije ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady. Walentina Meredowa üçin bu 2008-nji ýylda Pekin Oýunlaryndan soň ikinji Olimpiaýada boldy.

2. Türkmenistanyň «Aşgabat» futbol topary BAE-de 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdi. Topar täze baş tälimçisi Tofik Şukurowyň ýolbaşçylygynda milli çempionatyň üçünji aýlawyna taýýarlyk görýär. Dubaýdaky türgenleşik «Aşgabadyň» Türkmenistanyň çempionatynyň täze aýlawyna taýýarlygynyň möhüm tapgyry bolar. Ýaryşyň üçünji aýlawy 16-njy awgustda başlar we ilkinji oýunda «Aşgabat» «Köpetdag» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň