Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen söweşijisi Eziz Penjiýew Fight Nights RDD Series taslamasynda ilkiji gezek çykyş eder

12:5331.07.2024
0
14744

Türkmen söweşijisi Eziz Penjiýew, ýaş zehinler üçin Fight Nights-yň täze taslamasy bolan RDD Series çäklerinde ilkinji çykyşyna taýýarlanýar. Tutluşyk 4-nji awgustda geçiriler, bu ýerde Penjiýew täjigistanly Nurali Jobyrow bilen duşuşar.

Penjiýew eýýäm professional arenada özüni görkezdi. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ol AMC Fight Nights 120 bäsleşiginde russiýaly Sergeý Tolmaçýowy bilen duşuşykda söweşi bogma usuly bilen tamamlap täsirli ýeňşe eýe boldy. Bu ýeňiş türkmen türgeniniň Fight Nights çägindäki ilkinji ýeňşi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň