Güýçli yssy howa sebäpli Eýranda dükanlaryň iş sagady gysgaldyldy hem-de ähli döwlet we telekeçilik edaralaryna ýapylmak barada buýruk berildi, munuň sebäbi 200-den gowrak adam Gün urmasy sebäpli hassahana düşdi. Bu barada «rg.ru» ýazýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Baş habarlar gullugy (IRNA) geçen ýekşenbede tutuş ýurtda banklaryň, ofisleriň we döwlet edaralarynyň ýapyljakdygyny habar berdi, munuň sebäbi adamlaryň saglygyny goramak hem-de elektrik energiýasyny tygşytlamakdyr. Diňe gyssagly kömek gulluklarydyr hassahanalar işlär diýlip, habarda aýdyldy.
Eýranyň Milli meteorologik guramasynyň wekili Sadega Ziaýanyň aýtmagyna görä, geçen şenbede ýurduň ülkeleriniň 10-synda termometriň sütünjigi 45 gradusdan geçdi, käbir ýerlerde bolsa, 50 gradusa golaýlady.
«Nournews» habarlar gullugy Eýranda howanyň dünýädäki bilen deňeşdirilende, iki esse çalt gyzýandygyny ýazýar. Soňky 50 ýylda ýurtda howa bütin dünýädäki bilen deňeşdirilende, 2 gradus gyzdy. Ýyly howa akymlary gazylyp alynýan ýangyjyň köp ýakylmagy netijesinde emele gelen ählumumy howa maýlamasy sebäpli has-da işjeňleşýär diýlip, habarda bellenýär.
Geçen ýyl Eýranda howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli iki günlük umumymilli dynç güni yglan edildi diýip, «Guardian» neşiri ýatladýar.