Top.Mail.Ru

27-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:2927.07.2024
0
22513

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Indoneziýadaky we Kiprdäki ilçilerini wezipä belledi, Raşid Meredow Eýranyň Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasynda Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder, Türkmenistan gurluşyk pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowy, şol bir wagtda, ýurduň Kipr Respublikasyndaky ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) wezipesine bellemek, şeýle hem Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy, şol bir wagtda, ýurduň Indoneziýadaky ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) wezipesine bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.

2. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň resmi wezipä girişmek dabarasynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eder. Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda degişli Buýruga gol çekdi. Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasy 30-njy iýulda geçiriler.

3. Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine çenlik bahalary hasaplamakda programma üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak üçin «Parlak nesil» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi saýtynda şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli hereket edýän halkara uçuşlaryň täze tertibini ýerleşdirdi. Täze tertibe laýyklykda, milli awiakompaniýanyň uçarlary dünýäniň 12 şäherine uçuşlary amala aşyrarlar. Aşgabatdan ugraýan howa gatnawlarynyň ýygylygy aşakdaky tertipde bolar: Dubaý, Jidda, Pekin, Bangkok, Hoşimin, Kuala-Lumpur, London, Maýn boýundaky Frankfurt we Milan şäherlerine hepdede 2 gezek, Abu-Dabi şäherine hepdede 1 gezek, Stambula 5 gezek we Moskwa 6 gezek.

5. Türkmenistan GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görýär. Mejlisi Aşgabat şäherinde şu ýylyň 17-18-nji oktýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär.

6. 19-njy awgustda Aşgabatda «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy açylar. Sergide Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar, okuwçylar, talyplar üçin harytlary, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler, okuw esbaplary, elektron harytlar hödürlener.

7. Türkmen wekiliýetiniň şu hepdede Pakistana amala aşyran gulluk iş saparynyň dowamynda taraplar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda urdu dili bölümini açmak meselesine garadylar. Gepleşikleriň dowamynda durmuş ulgamynda gatnaşyklar barada hem durlup geçildi. Hususan-da, türkmen diplomatlaryny Pakistanyň Diplomatik akademiýasy tarapyndan guralýan okuwlara ibermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäde

8. Awstraliýanyň süýrenijiler seýilgähinde ýylanyň bir gezekde bölüp çykarýan zäheriniň möçberi boýunça täze dünýä rekordy hasaba alyndy. Bu derejä Siklon lakamly kenarýaka taýpany mynasyp boldy. Ol bir gezekde 5,2 gram zäher bölüp çykardy, munuň özi bu görnüş üçin adaty bolan möçberden üç esse köpdür. Awstraliýanyň kenarýaka etraplarynda ýaşaýan we uzynlygy iki metre ýetýän kenarýaka taýpany dünýädäki iň zäherli ýylanlaryň biri hasaplanýar. Siklonyň bölüp çykaran zäheriniň möçberi dört ýüz adamy zäherlemäge ýetýär, munuň özi bu süýrenijileriň nähili howpludygyny subut edýär.

9. Tatarystanyň paýtagtynda giň gerimli çäre – BRIKS ýurtlarynyň Gurhan okamak boýunça halkara bäsleşigi geçirildi. Bu çäre 22 ýurtdan, şol sanda GDA, Afrika, Aziýa we Günorta Amerika döwletlerinden gatnaşyjylary bir ýere jemledi. Gatnaşyjylar musulan dünýäsiniň mukaddes kitabyny çeper okamak boýunça bäsleşdiler. Emma eminler diňe bir dogry okalyşa däl, eýsem, sözleriň aýdylyşynyň owazlylygyna we ritmine hem baha berdiler.

Sport habarlary

10. Türkmen türgenleri Parižde XXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň topary Türkiýäniň türgenlerinden soň 191-nji tertip belgisi bilen Sena derýasynda gaýykda ýüzüp geçdi. Türkmen türgenleriniň yzyndan bolsa Tuwalunyň ýygyndysy geçdi. Türgenler fransuz elipbiýine laýyklykda guralan hatarlar boýunça çykdylar. Dzýudoçy Serdar Rahymow türkmen toparynyň baýdak göterijisi boldy. Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen wekilçilik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň