22-nji iýunda Dubaýyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen «Dragon Oil» kompaniýasynyň gözleg we täze kärhanalar boýunça ýerine ýetiriji direktory Abdulkarim Ahmed Al-Maazminiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki diplomatik wekilhanasyna salgylanyp, vestiabad.ru habar berýär.
Taraplar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde alnyp barylýan işjeň gatnaşyklara ünsi çekip, Türkmenistan bilen «Dragon Oil» kompaniýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Bellenilişi ýaly, taraplar umumy gyzyklanmanyň nebit-gaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň esasyna öwrüljekdigine ynam bildirdiler.