Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky täze halkara ulag geçelgesi boýunça ylalaşyga şu ýyl gol çekiler

14:0022.07.2024
0
8435

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Hazar we Gara deňizlerini baglanyşdyrýan täze ulag geçelgesi dörediler. Bu barada «Report» habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, täze «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara ulag geçelgesi Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň hem-de Rumyniýanyň gatnaşmagynda dörediler.

«Dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşyga şu ýyl Buharestde gol çekiler» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň daşary işler we ulag ministrleriniň bilelikdäki maslahatyny guramak meýilleşdirilýär. Bu forum «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny durmuşa geçirmek barada dörttaraplaýyn ylalaşyga gol çekmek babatda jemleýji pikir alyşmalar üçin meýdança bolup hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň