Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Derman topary» dermanhanasy alyjylara amatly şertleri hödürleýär

12:0222.07.2024
0
13164

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Derman topary» dermanhanasy diňe bir derman serişdeleriniň köpdürli görnüşleri bilen däl-de, eýsem amatly arzanladyş ulgamy bilen hem müşderileri özüne çekýär. Bu dermanhana dürli kategoriýa degişli bolan müşderileri üçin birnäçe sany ýörite tekliplerini hödürleýär.

«Derman topary» her anna güni derman serişdeleriniň belli-belli görnüşlerine 3,5% arzanladyş yglan edýär.

Mundan başga-da, hemişeki müşderiler geljekki etjek söwdalarynda harytlary 3% arzan bahadan alyp bilerler.

Aýratyn-da, ilatyň sosial-durmuş taýdan möhüm toparlaryna uly üns berilýär. Talyplar talyplyk şahadatnamasyny görkezmek bilen, 4% arzanladyş kartyny, pensiýa ýaşyndaky raýatlar bolsa 5% arzanladyş kartyny açdyryp bilerler.

Dermanhananyň assortimentinde köp sanly lukmançylyk enjamlary we önümleri, dermanlar, belli haryt nyşanly kosmetika, şeýle hem arassaçylyk we şahsy ideg önümleri bolup, olar amatly bahalardan alyjylara ýetirilýär.

Has giňişleýin maglumat almak üçin müşderiler (+993 12) 47 13 03, (+993 12) 47 23 33, (+993 12) 47 26 66, (+993 63) 25 30 03 telefon belgileri arkaly habarlaşyp ýa-da dermanhananyň sosial media ulgamyndaky sahypasyna girip bilerler.

Salgysy: Andalyp köç., 70, Parahat 4, Täjirçilik Merkezi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň