Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zambiýanyň Prezidentinden Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk haty geldi

12:2920.07.2024
0
7673

Zambiýa Respublikasynyň Prezidenti Hakainde Hiçilemadan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty geldi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen hatynda dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmek bilen, şeýle belleýär:

"Zambiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Ýurdumyzyň Hökümetiniň biziň döwletlerimiziň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, iki ýurduň bähbitlerine dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz toplumy, oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size mundan beýläk-de berk jan saglyk we Siziň ýurduňyza rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň