Marokkonyň hökümeti Patyşalygyň dürli şäherlerinde orta asyr mähellelerini – medineleri abatlamak üçin 800 million dollardan gowrak serişde sarp etdi.
Bu barada ýurduň hökümet başlygy Aziz Ahennuş Parlamentiň Wekiller palatasynda eden çykyşynda habar berdi diýip, «L'Opinion» neşirine salgylanýan «Report» ýazýar.
Ahennuş gadymy medineleriň Patyşalygyň maddy we gumanitar mirasydygyny nygtady. Hökümet şeýle-de gadymy galalary we berkitmeleri dikeldiş we abadanlaşdyrmak maksatnamasyny durmuşa geçirýär.
Medineler, gadymy galalar we berkitmeler daşary ýurtly jahankeşdeleriň arasynda meşhur bolmak bilen, olaryň Marokkoda höwes bilen barýan ýerleridir. ýurduň Marrakeş, Meknes, Rabat, Tetuan, Fes we Es-Suweýra şäherlerindäki meşhur gadymy mähelleler ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.