Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines-iň» Aşgabatdaky satuw ofisi biletleri satyn almaga çagyrýar

10:5912.07.2024
0
23028

«Turkish Airlines-iň» Aşgabatdaky satuw ofisi ähli isleg bildirýänleri awiakompaniýanyň uçuşlary üçin bilet satyn almaga çagyrýar.

Satuw ofisiniň hünärmenleri islendik soraga jogap bererler we iň amatly ugry hem-de uçuşyň senesini saýlamak, bilet bronlamak we goşmaça hyzmatlary resmileşdirmek (orun saýlamak, bortda iýmitlenmek, goş daşamak) babatda size kömek etmäge şat bolarlar.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkmenistandan ýolagçylara Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça hepdede 11 gatnaw hödürleýär.

Bu amatly tertip «Turkish Airlines-iň» müşderilerine aşakdaky mümkinçilikleri döreder:

- iň ýokary derejede rahat syýahaty meýilleşdirek;

- çalt we aňsatlyk bilen Stambula barmak;

- işewürlik saparlaryny guramak ýa-da hiç hili kynçylyksyz dynç alşa gitmek.

Satuw ofisi şu salgyda ýerleşýär: G.Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Iş wagty: Duşenbe – Anna: 09:00-dan 17:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • elektron poçta: askabatbıletsatıs@thy.com;
  • telefon (+993 61) 01 44 33;
  • web-saýt turkishairlines.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň