Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Regus» Aşgabatda iş gurşawyny kärendesine almakda 15% arzanladyş hödürleýär

16:0611.07.2024
0
15082

Aşgabatdaky oňaýly iş gurşawlaryny üpjün etmäge ýöriteleşen «Regus» ofis merkezi müşderiler üçin ýörite niýetlenen teklibiň hödürlenýändigini habar berdi.

Diňe 31-nji awgusta çenli koworking-meýdançalaryndaky iş ýerleri kärendesine almak üçin 15% arzan ýetirilýär. Ýerleriň sany çäkli bolansoň, aksiýa diňe 20 iş ýerine degişlidir.

«Regus» islendik ululykdaky kärhanalara laýyk gelýän innowasion ofis çözgütleri bilen meşhurdyr. Kompaniýa başlangyç telekeçilere hem frilanserlere, şonuň ýaly-da iri kompaniýalara hem hyzmat edýär. «Regus»-yň müşderilerine iş merkezine gije-gündiziň dowamynda girmäge mümkinçilik berýän elektron açar berilýär.

«Regus» bilen hyzmatdaşlyk etmek müşderilere öz işini netijeli alyp barmak üçin hyzmatlaryň doly toplumyny hödürlemek bilen, wagtyny we güýjüni tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Hyzmat bukjasy ýokary tizlikli interneti, guramaçylyk goldawyny, tehniki hyzmaty, jaýyň gündelik arassalanylmagyny hem-de häzirki zaman howpsuzlyk ulgamyny öz içine alýar.

Kompaniýa müşderilere öz işewürligine giňden ähmiýet bermäge mümkinçilik döredip, ofis gurşawyny dolandyrmakdaky ähli aladalary öz üstüne alýar. «Regus» esasy hyzmatlaryndan başga-da, iş ýygnaklaryny, biznes-lançlary, kofe arakesmesini, çaparçylyk hyzmatlaryny hem-de mebelleri we tehnikalary gurnamak ýaly goşmaça hyzmatlary hem ýerine ýetirýär.

Bu ofisler öndürijilikli işlemek we duşuşyklary geçirmek üçin amatly şert döredýän ajaýyp, döwrebap dizaýny bilen tapawutlanýar. Koworking-meýdançalaryndan başga-da, kärhana özbaşdak işlemek isleýänler üçin 68 sany şahsy iş otaglaryny hödürleýär.
«Regus»-yň wekilleri kompaniýanyň işewürlik dünýäsinde ygtybarly hyzmatdaş bolmaga çalyşýandygyny hem-de ähli gyzyklanma bildirýän taraplary ýetirilýän hyzmatlaryň hiline şahsy baha bermäge çagyrýandygyny belleýärler.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 30-njy jaý, «Hil Gurluşyk» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 12) 75 44 22;
  • web saýty: www.regus.com;
  • elektron poçtasynyň salgysy: ashgabat.hilgurlusyk@regus.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň