Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Idea+» agentligi: Belarusuň dört öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi türkmenistanly talyplara garaşýar

10:4009.07.2024
0
15580

«Idea+» agentligi Belarus Respublikasynyň dört sany abraýly ýokary okuw mekdebine 2024-2025-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edişligiň dowam edýändigi barada habar berýär. Belarusuň ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistandaky öňdebaryjy resmi wekilligi bolan «Idea+» agentligi dalaşgärleri şu aşakdaky bilim edaralarynda okamaga çagyrýar:

Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU)

Belarus döwlet informatika we radiotehnika uniwersiteti (BDIweRU)

Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU)

Ýanka Kupala adyndaky Grodnen döwlet uniwersiteti

Belarusuň ýokary okuw mekdepleri ýylyň-ýylyna köp sanly talyp ýaşlary okuwa kabul edýär. Olarda okuw maksatnamalary häzirki zaman tehnologiýalaryny nazarda tutup işlenip düzülen we okuw sapaklary dürli dillerde (rus, iňlis, belarus) geçilýär.

Belarusuň ýokary okuw mekdepleri halkara derejeli elýeterli, ýokary hilli bilimi hödürleýär. Belarus Respublikasynda okamagy saýlamagyň esasy sebäpleriniň hatarynda şulary görkezmek bolar: ýokary hilli geçilýän okuw sapaklary, töleginiň elýeterli bolmagy, okatmagyň iň döwrebap ulgamy.

«Idea+» agentligi Belarusuň ýokary okuw mekdeplerine okuw girmek üçin resminamalary tabşyrmagyň 25-nji awgusta çenli dowam edýändigini ýatladýar. Şonuň bilen birlikde hem, agzalan ýokary okuw mekdeplerde talyp orunlarynyň sany çäklidir.

«Idea+» agentligi Belarusuň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin iň amatly şertleri döredýär we türkmenistanly dalaşgärlere ýokary derejede kömek bermäge taýýardyr. Agentligiň hünärmenleri ýokary okuw mekdebini we hünäri saýlamakda maslahat bererler, şeýle hem resminamalary toplamak we düzetmek işlerinde hem ýardam ederler.

Gyzyklanma bildirýänler has giňişleýin maglumatlary «Idea+» agentligi bilen (+993 71) 51 84 37, (+993 71) 55 04 85 telefon belgileri arkaly habarlaşyp alyp bilerler. Maslahat beriş hyzmatyna ýazylmak üçin salgylanma arkaly anketany doldurmak teklip edilýär.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň