Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ženewada Adam hukuklary boýunça geňeşiň mejlisiniň çäginde gender deňligi boýunça çäre geçirdi

13:4908.07.2024
0
10321

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy UNOG-yň ýanyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanalary bilen bilelikde Adam hukuklary boýunça Geňeşiň dowam edýän 56-njy mejlisiniň çäginde ugurdaş çäre guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

5-nji iýulda bolan çäräniň dowamynda kanunçylyk binýadyny we institusional mehanizmleri kämilleşdirmek hem-de berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işleriň, bilim we zähmet ulgamynda deň şertleri üpjün etmegiň, zenan-gyzlaryň ykdysady hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmegiň, ähli derejelerde, şol sanda syýasy we jemgyýetçilik ugurlarynda aýallaryň gatnaşygyny artdyrmagyň üsti bilen gender deňligi babatynda milli syýasatlaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde garaýyşlar we häzirki ýagdaýlar barada maglumat berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gender syýasatyny ösdürmek ugrunda öndürijilikli hyzmatdaşlygy öňe sürmek baradaky köpçülikleýin tagallalary we islegleri aýratyn bellendi.

Çärede gender deňligi meseleleri boýunça uzak möhletli çözgütleri öňe sürmek we ösdürmek üçin täsirli sebit meýdançasy hökmünde çykyş edýän hem-de 2020-nji ýyldan bäri işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy meýdançasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň