Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baş sekretar Antoniu Guterriş Aşgabatda BMG-niň Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

18:5506.07.2024
0
14535

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Aşgabatda «Mirap» binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna ýurduň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine hemmetaraplaýyn kömegi we işe berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan BMG-ä we oňa girýän ýöriteleşdirilen düzümlere ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurduň halkara konwensiýalaryň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa, bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esasa öwrüldi.

Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk we özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar diýlip, TDH-nyň teswirinde aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň