Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Niderlandlar bilen Türkiýäniň arasyndaky oýuna tomaşa eder

11:2306.07.2024
0
13635

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ýewropa-2024-iň çärýek finalynda Niderlandyň bilen Türkiýäniň arasyndaky oýuna myhman hökmünde tomaşa eder. Oýun 6-njy iýulda Berlinde geçiriler diýip, sports.ru habar berýär.

Bu möhüm oýun diňe bir futbol janköýerleriniň däl-de, eýsem ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň hem ünsüni özüne çekdi. Ärdogan oýnuň Azerbaýjanda geçiriljek Türki döwletler guramasynyň resmi däl sammitiniň senesine gabat gelmegine garamazdan, oýuna gatnaşmak kararyna geldi. Prezident milli ýygyndy toparyny goldamagy ileri tutup, sammite gatnaşmagyny ýatyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň