Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Geňeşiniň (UNECE) sebitleýin geňeşçisi Mario Apostolow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Geňeşiniň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) çägindäki hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy SPECA-nyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny mälim etdi. Şu nukdaýnazardan, Maksatnamanyň düzümini kämilleşdirmek we işini özgertmek, şol sanda SPECA-nyň Maksatlaýyn Gaznasyny we Sekretariatyny döretmek ýaly meselelere seredilip geçildi.