Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew Bawariýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Mýunhen şäherinde Bawariýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça Döwlet ministri Erik Baýsswenger bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşugyň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hususan-da, Türkmenistan bilen Bawariýa sebitiniň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem bilelikdäki söwda-ykdysady çäreleri guramak barada pikir alşyldy.
Mundan başga-da, iş saparynyň dowamynda türkmen konsuly Mýunheniň we Ýokarky Bawariýanyň Söwda-senagat edarasynyň Dolandyryş geňeşiniň agzasy, halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Kristof Angerbauer bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Bawariýanyň işewür düzümleriniň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýykdygy beýan edildi. Şeýle-de bilelikdäki işewürlik forumyny guramak we Mýunhen şäherinde Türkmenistanyň giň mümkinçiliklerini beýan edýän çäräni geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.