Türkmenistanyň döredijilik işgärlerinden ybarat wekiliýeti 27 – 30-njy iýun aralygynda Özbegistanyň Jizzah welaýatynyň Zomin etrabynda geçirilen II Halkara makom sungatynyň forumyna gatnaşdy.
HHM-iň habar bermegine görä, forumyň açylyş dabarasynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýew çykyş edip, Özbegistanyň medeni durmuşynda möhüm orny eýeleýän, çuň pelsepesi, täsin çeperçilik serişdeleri hem-de döredijilik däpleri bilen meşhur bolan makom sungatynyň taryhy we ähmiýeti barada durup geçdi.
Bäsleşige gatnaşanlaryň çykyşlary halkara eminler tarapyndan «Iň oňat makom ansambly», «Iň oňat solist-instrumentalist» hem-de «Iň gowy solist-wokalist» ýaly üç ugur boýunça boýunça bahalandyryldy. Şeýle hem forumyň çäklerinde «Makom sungatynyň nazary we amaly esaslary: meseleler we çözgütler» atly halkara maslahat hem-de «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.
Halkara festiwala 80-den gowrak Aziýa, Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika, Afrika ýurtlaryndan 400-den gworak wekil gatnaşdy.