Top.Mail.Ru

Arslanmyrat Amanow futbol ýoly barada gürrüň berdi: «Milli ýygyndynyň her bir duşuşygy wajyp»

16:3902.07.2024
0
8922

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we «Arkadag» futbol toparynyň kapitany Arslanmyrat Amanow «Türkmen sporty» gazetine beren interwýusynda sport ýolunyň başlangyjy, Türkmenistanda iň halaýan stadionlary, iň ýatdan çykmajak duşuşyklary barada gürrüň berdi.

Üstünlige uzaýan ýol

Amanow 28-nji martda 34-nji ýaşyny doldurdy. Aşgabatda doglan Arslanmyrat futbola paýtagtdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde gadam goýupdy. Geljegiň ýyldyzynyň ilkinji tälimçisi Aleksandr Korobisindi. Soňra Arslanmyrat Wasiliý Karpowyň elinde hem tälim aldy. Ýokary ligada ilkinji resmi duşuşygyna Rahym Gurbanmämmedowyň ýolbaşçylygynda çykdy.

Ol uly minnetdarlyk bilen «Tälimçilerimiň ählisi hem kämilleşmegime şert döretdi» diýip ýatlaýar.

Klublardaky baý karýera

Amanow futbol ýolunda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň birnäçe toparlarynda çykyş etdi.

2006 ― 2009: «Aşgabat» (Türkmenistan);

2010 ― 2011: «Ýedigen» (Aşgabat, Türkmenistan);

2012: «Okžetpes» (Gazagystan);

2013: «Ýedigen» we «Altyn asyr» (Türkmenistan);

2014: «Irtyş» (Gazagystan);

2015 ― 2016: «Almalyk» (Özbegistan);

2017: «Altyn asyr» (Türkmenistan);

2018: «Buhara» (Özbegistan);

2019: «Lokomotiw» (Daşkent, Özbegistan)’

2020: «Almalyk» (Özbegistan);

2021: «Sogdiana» (Özbegistan), «Ahal» (Türkmenistan);

2022: «Ahal» (Türkmenistan)

2023-den bäri: «Arkadag» (Türkmenistan).

Täsin hakykat

Amanow goňşy döwletleriň çempionatlarynda jemi 263 duşuşyga çykyp, şolarda 49 gezek tapawutlandy.

Üstünlikler we baýraklar

Bäş gezek Türkmenistanyň çempiony (2007, 2008, 2017, 2022, 2023);

Üç gezek Türkmenistanyň kubogynyň eýesi (2011, 2022, 2023)

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi (2017)

Özbegistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi (2019)

Türkmenistanyň iň ökde futbolçysy (2011).

Milli ýygyndyda

Amanow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini ilkinji gezek 2008-nji ýylda geýdi. Ol 54 duşuşykda 14 gezek tapawutlandy.

«Milli ýygynyň köýnekçesini geýmek her bir futbolçy üçin belent mertebe. Milli ýygyndy bilen meýdana çykan her bir duşuşygym meniň üçin örän wajyp» diýip, ol bu babatdaky pikirlerini paýlaşýar.

Ýatdan çykmajak pursatlar

Amanow futbol ýolunyň ýatdan çykmajak birnäçe pursatyny ýatlaýar:

2010-nji ýylda AFK-nyň çagyryş kubogynda milli ýygyndyda Täjigistanyň ýygyndysynyň derwezesinden geçiren ilkinji goly;

Aziýanyň kubogy ― 2019-da Ýaponiýanyň ýygyndysynyň derwezesine uzak aralykdan geçiren goly;

«Arkadag» toparynyň ilkinji resmi duşuşygynda «Merwiň» derwezesinden geçiren goly;

«Irtyşda» oýnaýarka Semeý şäheriniň «Spartagyna» dört oýunçynyň arasyndan geçip geçiren goly we bu gol bilen hasaby deňlemegi.

Şeýle hem Amanow: «Şeýle gollar her bir futbolçynyň sport ýoluny bezäp biler» diýdi.

Gowy görýän stadionlary

«Aşgabat hemde Arkadag şäherlerinde. Sebäbi maşgalamy zyň agzalary hem oýnuma tomaşa etmäge gelýärler. Olar bolsa – durmuşymyň esasy manysy. Balkanabat bilen Mary şäherlerinde oýnamak bolsa, ol ýerlerde futbola ýürekden berlen janköýerleriň köpdügi sebäpli, hemişe ýakymly duýgulary galdyrýar» diýip, ýyldyz futbolçy žurnalistiň bu sowalyna jogap berdi.

Häzir Arslanmyrat Amanow öz tejribesini ýaş futbolçylar bilen paýlaşýar. Ol häzirki wagtda Türkmenistanda tejribesi iň baý futbolçylaryň biri. Ýöne Amanow karýerasynyň ahyrynda däl. Ol üstümizdäki ýylda täze bir wezipäniň işiginde: tejribeli Amanow «Arkadag» futbol topary bilen ilkinji gezek halkara synagyna çykar.

«Arkadag» futbol topary şu ýylyň güýzünde baryp mundan 10 ýyl ozal ýatyrylan AFK-nyň Prezidentiniň kubogynyň ornuna gelen AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýaryşyp başlar. Türkmenistanyň çempionynyň bu ýaryşdaky garşydaşlary 22-nji awgustda çekiljek bijelerden soň belli bolar. Täze ýaryşyň türkmen futbolynyň şöhratly taryhyny dowam etdirmekde oňat mümkinçilik boljakdygyna ynanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň