Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ulýanowsk sebitiniň telekeçileri Türkmenistan bilen umumy bahasy 10 million rubllyk şertnamalara gol çekişdiler

15:4102.07.2024
0
9006

Iýun aýynda Ulýanowsk sebitiniň gubernatory Alekseý Russkihiň tabşyrygy esasynda Türkmenistana guralan işewürlik saparynyň çäginde ulýanowskly telekeçiler dört sany täze şertnama baglaşdylar.

Şertnamalaryň umumy bahasy 10 million rubldan gowrak bolup, olar Türkmenistana ýük awtoulaglary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek bilen baglydyr. Bu barada ulyanovsk-news.net internet neşiri habar berdi.

Işewürlik saparynyň düzüminde «Ulgran», «San Marko», «Federal Mogul», «Interwud», «Biofa» we «Nowospasskiý elewator» ýaly rus önüm öndürijileriniň wekilleri Türkmenistana geldiler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ulýanowsk sebitinden gelen wekiliýet birnäçe işewürlik duşuşyklaryny geçirdi. Şeýle hem oba hojalygy, gurluşyk we binagärlik ministrlikleri, logistika kompaniýalary, daşary ýurtlaryň azyk önümlerini hem-de gurluşyk materiallaryny öndürijileriň ýurtdaky distribýutorlary bilen üpjünçilik boýunça gepleşikler geçirildi.

Hususan-da, «Ulgran» kärhanasy türkmen tarapy bilen bilelikdäki önümçiligiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.

Mundan başga-da, ýurduň ähli künjeklerinde jemi 6 müňden gowrak söwda nokady bolan «Şaýlan» türkmen kompaniýasy Ulýanowsk sebitinden konditer önümlerini, günebakar çigidini, konserwalary we beýleki azyk önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirdi.

«Nowospasskiý elewator» kompaniýasynyň başlygy Mihail Murzakow bu işewürlik saparynyň özleri üçin netijeli bolandygyny belleýär. Hususan-da, ol saparyň dowamynda un we galla üpjünçiligi barada gepleşikleriň geçirilendigini, şeýle hem Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleri bilen harytlary üstaşyr geçirmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtaýar. Kompaniýanyň önümleri iri alyjylaryň we distribýutorlaryň arasynda gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda önüm üpjünçiligini guramak bilen baglanyşykly meseleler işlenip taýýarlanylýar diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň