Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

SOKL çagalaryň biznes mekdebinde çagaňyzyň mümkinçiliklerini açyň

10:3801.07.2024
0
8786

Aşgabatdaky Moskwanyň biznes we liderlik mekdebi SOKL özüni ösdürmäge we täze açyşlara ymtylýan çagalar we ýetginjekler üçin gapylaryny açýar.

SOKL ýaş okuwçylara durmuşda öz ornuny tapmaga, zehinlerini ösdürmäge we häzirki zaman dünýäsine uýgunlaşmaga kömek edýän wepaly dostdur we ygtybarly hyzmatdaşdyr.

Ýörite işlenip düzülen maksatnamalar diňe bir çagalaryň we ýetginjekleriň mümkinçiliklerini açman, eýsem, olara islendik durmuş ýagdaýlarynda adamlar bilen ynamly aragatnaşyk saklamagy öwredýär:

«Çeýe başarnyklar» (7-17 ýaş)

«Çeýe başarnyklar» okuwynda çagalar durmuşyň islendik ugrunda üstünlik gazanmagyň açary bolan toparlaýyn işlemek, gapma-garşylyklary çözmek we ýolbaşçylyk sungatyny öwrenýärler.

«Köpçüligiň öňünde çykyş» (13-17 ýaş)

Bu okuw çaganyň sahna we kamera gorkusyny ýeňip geçmegine, öz pikirlerini beýan etmekde erkinlige eýe bolmagyna we mümkinçiliklerini açmaga kömek eder. Çagaňyz indi köpçüligiň öňünde çykyş etmekden hiç wagt gorkmaz.

«Hünäre ugrukdyryş» (13-17 ýaş)

Okuwyň dowamynda çaganyň özüne şatlyk we üstünlik getirjek hünäri saýlap bilmegi üçin onuň hakyky gyzyklanmalaryny we zehinini tapmaga kömek ediler.

SOKL-dan «Tomusky Ekspress» (6-12 ýaş)

Toplumlaýyn okuw maksatnamasy dynç alyşy, öwrenmegi, ösüşi birleşdirýär hem-de çaganyň mümkinçiliklerini açmaga we geljege taýynlanmaga gönükdirilendir.

SOKL okuwçylaryna aýratyn çemeleşmäni, ussat mugallymlary, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we döredijiligi höweslendirýän innowasion çemeleşmeleri hödürleýär.

«Bize goşulyň we bilimiň gyzykly, peýdaly hem-de ylham beriji bolup biljekdigine özüňiz göz ýetiriň» diýip, SOKL-yň wekili belledi.

Okuwlara şu telfon arkaly ýazylyp bilersiňiz (+993 71) 51 84 39. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň