Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türk Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

16:3030.06.2024
0
8092

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn dost-doganlyk döwletleriň biridigini we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bardygy bellenildi.

Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleri ýygy-ýygydan özara saparlary amala aşyrýarlar. Şeýle hem pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda maslahatlaşmalar we gepleşikler yzygiderli geçirilýär, bu bolsa döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadag şu ýylyň mart aýynda Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Onuň çäklerinde gepleşikler geçirildi we ylalaşyklar gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we döredilen mümkinçilikler üçin türk Liderine ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň