Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hünärmeni Tomusky Olimpiýa oýunlarynda eminlik eder

12:3029.06.2024
0
8232

Lozanna şäherinde Türkmen Milli agyr atletika federasiýasynyň başlygy Berdinyýaz Mätiýew bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Baş direktory A.Tsogasyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty ýazýar.

Duşuşyň barşynda taraplar Türkmenistanda halkara we sebitleýin agyr atletika ýaryşlaryny geçirmek, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny gurnamak, türgenleri taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda ylalaşdylar.

Şeýle hem Halkara agyr atletika federasiýasynyň Baş direktory A.Tsogas tarapyndan 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen emininiň gatnaşmagy baradaky sertifikat resmi taýdan gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň