Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynyň häkiminiň Astrahana amala aşyrjak saparyna taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

11:4228.06.2024
0
10156

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitindäki konsuly Gadam Ilamanow Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen duşuşdy. Duşuşykda Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň Astrahan sebitine amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «nCa» internet neşiri habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen konsuly G.Ilamanow täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylda Türkmen-Astrahan işewürler forumyny geçirmekligi teklip etdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar geljekde bu forumyň geçiriljek wagty we gün tertibi boýunça ara alyp maslahatlaşmalary geçirmeklik barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň