Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we ÝB adam hukuklary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

00:1326.06.2024
0
6294

25-nji iýunda Aşgabat şäherinde Adam hukuklary boýunça Türkmenistan — ÝB dialogynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň DIM-niň binasynda bolup geçdi.

Mejlisi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we ÝB-niň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug açyp berdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar ynsanperwer hukugy we adam hukuklary pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de raýat jemgyýetini kämilleşdirmek, kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet özgertmeleri, bilim, saglyk, gender deňligi, çagalaryň we maýyplaryň hukuklaryny goramak ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hukuk goraýjy ulgamy kämilleşdirmek we Adalatçynyň institutynyň işi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar ýakyn wagtda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meýilnamalaryna garadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň