Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Beýik Ýüpek Ýoly» kompaniýasy täze «Toyota Land Cruiser 250» kysymly ulagyň tanyşdyryşyny geçirdi

16:2824.06.2024
0
24353

«Toyota»-nyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy bolan «Beýik Ýüpek Ýoly» kompaniýasynyň şow-rumynda meşhur «Toyota Land Cruiser 250» ulagynyň täze kysmynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Ajaýyp ulagyň täze nesli has kämilleşdirildi:

Nusgawy çarçuwaly gurluşyny saklamak bilen, täze «Land Cruiser 250» edil «Land Cruiser 300» ýaly «Toyota GA-F» platformasynda gurnalandyr. Bu bolsa ulagyň kyn şertli ýollarda hereket etmek aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge ýardam edip, adaty ýollarda hem rahatlygy saklamaga mümkinçilik berýär.

Synmaz ygtybarlylyk:

Ulagyň çarçuwasy 50% berk edilip döredildi, nowanyň umumy göwrüminiň we çarçuwanyň berkligi bolsa 30% ýokarlandy.

Ulagyň podweskasy kämilleşdirildi. Munuň özi çarkandakly ýoldan sürmegiň açary bolan tigirleriň artikulýasiýasyny üpjün edýär.

Täze «Land Cruiser 250» wagtlaýyn bolmadyk stili we deňsiz-taýsyz köptaraplylygy özünde birleşdirip, özünden öňki kysymlaryň ajaýyp dizaýnynyň mirasdüşeridir. Awtoulagyň göwrümli we çydamly nowasy onuň güýjüni we ygtybarlylygyny mälim edýär, we gysga uzynlygy, heýkeltaraşlyk burçlary hem-de nowanyň aşaky gysgalýan bölegi islendik kyn ýol şertlerinde ulagyň kadaly dolandyrylmagyny üpjün edýär.

Pesde ýerleşdirilen kapot, gyralaýyn gural paneli we pes guşak çyzygy sürüjä ajaýyp görnüşi üpjün edip, şäher şertleri bilen birlikde, çylşyrymly ýolly ýerlerde-de ynamly hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Täze «Land Cruiser 250»-niň interýeri edil daşky görnüşi ýaly ýerine gurnalandyr: giň, ergonomiki häsiýetde we köptaraply.

Bu ulagyň her bir dizaýn elementi iň ownuk bölegine çenli oýlanyşykly, şeýle hem diňe bir gözellik üçin däl, eýsem sürmek we ýolagçylar üçin iň oňaýly rahatlygy we howpsuzlygy göz öňüne tutup döredilendir.

«Land Cruiser» ulag kysmynyň taryhy mundan 72 ýyl ozal, has takygy 1951-nji ýylda Fuji dagynyň etegindäki altynjy stansiýada ilkinji gezek ýeňiji bolan «Toyota BJ» kysmyndan gözbaş alýar. Şondan bäri hem, «Land Cruiser» iň agyr ýol şertlerinde-de eýesini islendik ýere eltip bilýän ygtybarly kömekçi hökmünde hasap edilip gelýär.

«Land Cruiser» ygtybarlylygy, berkligi we kyn ýol şertlerindäki kuwwaty bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup, «Toyota»-nyň iň köp satylan kysymlarynyň birine öwrüldi: Onuň 170-den gowrak ýurtda 11,3 million sanysy satyldy.

«Land Cruiser 250» — bu ýöne bir awtoulag däl-de, özbaşyna «rowaýat» diýilse hem ýalňyş bolmasa gerek. Mazmunyny ýitirmezden, gaýtam barha kämilleşmegini dowam etdirýän rowaýatdyr.

Täze «Toyota Land Cruiser 250» awtoulagy bilen «Beýik Ýüpek Ýoly» kompaniýasynyň şu salgydaky şow-rumynda tanyş bolup bilersiňiz: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 46-njy jaý.

Habarlaşmak üçin:
• telefon belgisi: (+993 12) 75 44 44;
• web saýty: byy.toyota-centralasia.com;
• elektron poçtasynyň salgysy: info@gsr.net;
• sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň