20-nji iýunda Pragada Türkmenistanyň hem-de Çehiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen-çeh hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyna garadylar. Hususan-da söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak we diwersifikasiýa etmek, energetika, ulag infrastrukturasy, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek aýratyn üns berlen meseleler boldy.
Medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki medeni çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine garamak teklip edildi.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çehiýanyň Mejlisiniň Deputatlar palatasynyň başlygynyň orunbasary Ýan Bartoşekiň arasynda hem duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda türkmen-çeh ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmegiň we bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.