Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçisi «Sughd-2024» halkara ýarmarkasyna gatnaşdy

16:1320.06.2024
0
10872

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi A.Goçmyradow 18-19-njy iýunda Hujand şäherinde geçirilen onunjy halkara «Sugd-2024» ýarmarkasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, forumyň çäginde Sugd sebitiniň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Konsertiň dowamynda sebitiň sungat ussatlary Türkmenistan we Täjigistan halklarynyň dostlugyny wasp edýän türkmen aýdymyny we tansyny ýerine ýetirdiler.

«Türkmen aýdymynyň ýerine ýetirilmegi medeni hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysaly, dostluk, doganlyk, hoşniýetlilik gatnaşyklarynyň gowy däbiniň dowamy we iki halkyň bähbidi üçin köptaraply gatnaşyklaryň ösmeginde we giňelmeginde möhüm ugurlaryň biridir» diýlip, ilçihananyň habarynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň