Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:4220.06.2024
0
12228

Türkmenistan we Wengriýa hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, Gurban baýramynda türkmen sirki täze çykyşyny hödürlendi, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanda täze ilçini wezipä belledi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Budapeşt şäherinde Türkmenistan bilen Wengriýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, wenger tarapyna Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda türkmen-wenger gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

2. Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sirki täze çykyş taýýarlady. Sirk maksatnamasy 30-njy iýuna çenli her dynç güni tomaşaçylary begendirer. Sahnada masgarabazlar, ussat žonglýorlar we gimnastikaçylar çykyş ederler. Tälim berlen düýeler we eşege münen akrobat maýmynlar tomaşaçylaryň göwnünden turdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary sirk maksatnamasynyň esasy wakasyna öwrüldi.

3. Türkmenistanyň «Nedir Gala» kärhanasy we Awstriýanyň «Spak GmbH» kompaniýasy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama Türkmenistanda üwmeç we maýonez öndürmek hem-de bu önümleriň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna eksportyny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygyň binýadyny emele getirdi. Bu resminama Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň paýtagty Wena şäherine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.

4. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Nurlan Nogaýewi ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Nogaýew bu wezipede 2022-nji ýyldan bäri Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi bolup işlän Askar Tajibaýewiň ornuny eýelär.

5. «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň türkmen hünärmenleri ikinji gum sorujy snarýadyň gurluşygyny tamamladylar. Bu kärhananyň öz mümkinçilikleri esasynda durmuşa geçirilen şeýle görnüşli ikinji taslamadyr. Täze gum sorujy snarýad sagatda 250 kubmetr toprak taslama kuwwatyna eýe bolup, bu görkeziji öňki nusganyň mümkinçiliklerinden ep-esli ýokarydyr. Şeýle enjamlaryň önümçiligini özleşdirmek importa garaşlylygy azaldar we ýurduň suw pudagynyň suwaryş ulgamlarynyň düýbüni arassalamak we çuňlaşdyrmak zerurlyklaryny kanagatlandyrar.

6. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Bütindünýä Gümrük guramasynyň Baş sekretary Ýan Sonderse Magtymguly Pyragynyň şekili şekillendirilen türkmen el halysyny gowşurdy. Bu türkmen halysy Bütindünýä Gümrük guramasynyň ştab-kwartirasynda ýerleşýän muzeýiniň medeni gymmatlyklarynyň üstüni ýetirer. Pälwanow eli çeper türkmen halyçylarynyň bu halyny dört aýda dokandyklaryny belläp, halynyň Türkmenistanyň welaýatlaryny alamatlandyrýan bäş sany özboluşly göl bilen bezelendigini aýtdy. Olaryň her biriniň özboluşly taryhy we medeni ähmiýeti bar.

7. Arkadag «akylly» şäherinde milli baýramçylyk bolan Gurban baýramy dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi. Günüň dowamynda türkmen milli tagamlary taýýarlandy, adamlar birek-biregiň öýüne baryp, ýagşylyk we saglyk arzuw etdiler. Däp boýunça açyk meýdançalarda gurulýan äpet hiňňildikler baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Baýramyň şanyna meşhur aýdymçylar we aýdym-saz toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Dünýäde

8. Ispaniýanyň kenarlarynda agressiwligi bilen tanalýan äpet çekiç kelleli akulalar görüldi. Howpsuzlyk maksady bilen häkimiýetler üç sany meşhur deňiz kenaryny ýapmaga mejbur boldular. Akulalaryň diňe bir kenarýakasynda ýüzüp, gaýyklara we dynç alýanlara ýakynlaşman, eýsem, kenardaky adamlara hüjüm etmäge synanyşandygy habar berildi. Çekiç kelleli akulalaryň käbirleriniň uzynlygynyň 3 metrden geçýändigini bellemek gerek.

9. Amerikadaky Makdonaldsda 2021-nji ýyldan bäri sargyt kabul edýän emeli aň ulgamy indi ulanylmaz. Munuň sebäbi onuň köp sanly ýalňyşlyklary we beren üýtgeşik sargytlary boldy. Sosial mediadaky müşderiler emeli aňyň adaty doňdurmanyň ýerine bekonly doňdurma berendigi ýa-da sargytlaryna 211 dollarlyk towuk naggetslerini goşandygy barada hekaýalar paýlaşdylar.

Sport habarlary

10. Germaniýanyň ýygyndysy futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda Wengriýadan 2:0 hasabynda üstün çykdy we ilkinji bolup pleý-off tapgyryna çykmagy kepillendirdi. Germaniýanyň düzüminde Jamal Musiala we Ilkaý Gündogan tapawutlanmagy başardy. «A» toparçasynyň beýleki oýnunda Şweýsariýanyň we Şotlandiýanyň ýygyndylary 1:1 hasabynda deň oýnadylar. Şu gün Ýewropanyň çempionatynyň altynjy gününiň oýunlary oýnalar. Onuň dowamynda üç duşuşyk bolar: Sloweniýa – Serbiýa bilen, Daniýa – Angliýa, Ispaniýa – Italiýa.

11. Türkmenistanly meşhur futbol tälimçisi Gurban Berdiýewe «Dagystan Respublikasynyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy. Berdiýew ozal «Dinamo Mahaçkala» toparynyň baş tälimçisi bolupdy, häzirki wagtda ol klubuň prezidentiniň geňeşçisi wezipesini eýeleýär. Geçen möwsümiň jemleri boýunça «Dinamo Mahaçkala» Russiýanyň Premýer-ligasyna çykmagy başardy.

12. «Abdyş-Ata» 19-njy iýunda geçirilen futbol boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň çärýek final oýnunda «Algadan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň 40-njy minutynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Süleýman Muhadow hasaby açdy. Esasy wagta goşulan minutlarda Abdujaparow «Abdyş-Atanyň» hasapdaky üstünligini 2 topa çykardy. «Abdyş-Atanyň» düzüminde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew hem çykyş edýär. Gyrgyzystanyň häzirki çempiony hasaplanýan «Abdyş-Ata» 2024/25-nji ýyllaryň möwsüminde AFK-nyň Çagyryş kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň