Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynyň ýaşaýjylaryna täze ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat berildi

11:1419.06.2024
0
34903

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurdy. Bu barada awtoulag.gov.tm saýtynda hem habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, döwrebap awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ulaglaryň garşylanyş dabarasynda milli däp-dessurlar berjaý edildi. Bu ýerde çykyş eden il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, folklor-tans toparlarynyň, talyp ýaşlaryň joşgunly çykyşlary bu ýere gelenleriň buýsançly kalplaryny joşdurdy.

Ýaponiýanyň önümi bolan täze ulaglar «Toyota Coaster» kysymly orta synply, «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslardyr. Täze ulaglar şäherara we şäherýaka ugurlar, şeýle hem etrap merkezleridir şäherlerden dürli uzaklykda ýerleşýän obalar boýunça ýolagçylara hyzmat edip başlady. Ilkinji ýolagçylary degişli menzillerine tarap alyp barýan täze awtoulaglaryň sürüjilerine ak ýol arzuw edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň