Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidentine gutlag iberdi

23:3917.06.2024
0
5815

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Siril Ramafosa Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Siril Ramafosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, Günorta Afrika Respublikasynyň halkynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň