Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy mynasybetli gutlady

23:3517.06.2024
0
10513

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag hatyny iberdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

«Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi her bir güni döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýän, adamzadyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň ylmy esaslandyrmalara we pähim-paýhasa daýanýan, uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlaryňyz, maksatnamalaýyn özgertmeleriňiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşleriň ýolunda täze derejelere çykarýar. Döwlet syýasatynda jemgyýetiň ahlak ýörelgelerini pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmaga, ony gorap saklamaga hem uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň durmuşyna çuňňur ornaşan milli däp-dessurlarymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagy, olaryň ruhunda arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň terbiýelenilmegi babatda döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze taryhy döwürde milli baýramlarymyz täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Haýyr-sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerden ugur alnyp, Gurban baýramy hem her ýyl ýurdumyzda dabaraly bellenilýär. Siziň nygtaýşyňyz ýaly, Gurban baýramy dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligi, jebisligi dünýä ýaýýan, jemgyýetde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň däp-dessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň Gurban baýramyny bellemek bilen bagly gol çeken Permanyňyza laýyklykda, bu mukaddes baýramyň şatlyk-şowhuna beslenip geçirilmegi ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyza, toý-baýramlarymyza aýratyn sarpa goýýandygyňyzyň nyşanydyr. Bu mukaddes baýramda dünýäde parahatçylyk we dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuwlap, gurbanlyk sadakalary berilýär, ýagşy doga-dilegler edilýär. Baýramçylyk dabaralarynyň ählisi jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün edýär, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrýar, bagtyýar durmuşa buýsanyp, täze, belent sepgitlere ýetmäge egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Siziň baştutanlygyňyzda ösüşler ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda baýdak edinip gelen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, päk ahlaklylyk, lebzihalallyk ýaly mukaddes ýörelgeleri täze döwrüň ruhunda dowam etdirilýär. Raýatlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, oraza tutmaklary, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Siziň Buýrugyňyz bilen, Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň wekillerinden ybarat toparyň mukaddes Mekge-Medinede haj amallaryny berjaý etmekleri üçin doganlyk Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberilmegi hem ata Watanymyzda belent ahlak gymmatlyklarynyň, hoşniýetliligiň, haýyr-sahawatlylygyň giňden dabaralanýandygyny, jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösýändigini aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun! Goý, Gurban baýramy günlerinde amal ediljek tagat-ybadatlar, okaljak aýat-töwirler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abadançylygy, külli adamzadyň bagtyýar we parahat durmuşy arzuwlanyp ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň