Top.Mail.Ru

Si Szinpiniň maşgalasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasyna hat ýollady

10:4217.06.2024
0
16968

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasy hanym Pen Liýuandan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna hat geldi.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen hatda, hususan-da, şeýle diýilýär:

«Gadyrly Ogulgerek Berdimuhamedowa!

Iberen hatyňyz hem-de agtyjagyňyz Aýjereniň taýýarlan sowgady üçin hoşallygymy bildirýärin. Panda gurjajygyny şekillendirýän bu ajaýyp we nepis el işi maňa örän ýarady. Türkmenistanda halyçylyk sungatynyň tanymal ussady hökmünde Siz bu deňi-taýy bolmadyk amaly-haşam sungatynyň nusgasyny aýawly saklamak we ösdürmek üçin uly tagallalary edýärsiňiz. Siziň mähriňiz, söýgiňiz bilen gurşalan agtyjagyňyzyň milli sungaty dowam etdirýändigi örän guwandyryjydyr.

Geçen ýylyň oktýabrynda Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp, ajaýyp eserleri synlan, şeýle hem opera artistleriniň çykyşlaryny diňlän pursatlarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.

Hytaý we Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iki gadymy siwilizasiýalardyr. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Siziň bilen dostlugymyza ýokary baha berýärin we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda Siziň bilen mundan beýläk-de tagalla etmäge taýýardyryn.

Şu hat bilen birlikde, Siziň agtyjaklaryňyz üçin sowgatlary ibermek hormatyna eýedirin. Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, ähli gowulyklary arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň