Şotlandiýanyň Edinburgynda pop-aýdymçy zenan Teýlor Swiftiň üç konsertinde uly bolmadyk ýertitreme hasaba alyndy. Konsert çykyşlary 7-9-njy iýun aralygynda geçdi. Bu barada «Gazeta.ru» habar berdi.
Seýsmiki işjeňligiň konsertiň bolan ýerinden 6 kilometrlikde hem bildirendigi aýdylýar. Ýertitreme haçan-da aýdymçy zenan «Ready For It?» diýen aýdymyny aýdýarka, has ýokary derejede özüni bildiripdir. Aýdymçynyň muşdaklary şonda 6 müň awtoulag akkumulýatorlarynyň güýjüne deň bolan 80 Kwt töweregi energiýa çykarypdyrlar.
Muňa diňleýjileriň aýaklaryny ýere urmagy we elçarpyşmalary sebäp bolupdyr.
2023-nji ýylyň iýunynda hem Swiftiň muşdaklary Sietlde bolan konsertde rekord derejede ýertitreme döretdiler, onuň sarsgyny 2,3 güýjenmeli ýertitremä barabar boldy diýlip, habarda bellenýär.